Milli sungatymyzyň şöhraty

25 Mart 2021
1109

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürmek bilen her bir ulgamdaky ösüşlerimiziň düýp many-mazmunyny beýan edýän ajaýyp kitaplaryny halkymyza, dünýä okyjylaryna peşgeş berýär. Munuň özi halkymyza hem-de ähli kitapsöýüjilere milli taryhymyz, şu günki ajaýyp ösüşlerimiz barada giňişleýin düşünje almaga ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly ajaýyp kitaby okyjylara milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhy, şu günki ajaýyp ösüşleri, aýdym-sazymyzyň milli diplomatiýany dünýä ýaýmakda eýelän taryhy orny barada gyzykly maglumatlara baýdyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda beýan edilen milli medeniýetimiz baradaky maglumatlary bu ajaýyp kitabyň üsti bilen has giňişleýin, anyk mysallar arkaly baýlaşdyrýar.

Oraz ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň aspiranty.