Sazyň gudraty

24 Mart 2021
1038

Aýdym-sazyň jadylaýjy owazy ynsan kalbyny heýjana salýar. Paýhasly pederlerimizden miras galan halk döredijilik eserleri aýdym-sazyň diňe bir ynsan oglunyň göwün guşuny ganatlandyrman, eýsem, guş-gumrularyň, janly-jandarlaryň hem ýüreklerini gobsundyrandygyna şaýatlyk edýär.

Gadym döwürde gurply täjirleriň biri hyzmata gaýym obadaşlarynyň birini hem ýanyna alyp, uzak ýola argyşa gidermen bolýar. Düýeleriň birnäçesini ýola taýynlap, azyk-owkatyny, goş-golamyny jemläp, obadaşyny hem ýanyna alyp, ýola düşüpdir. Ol hoş heňli, mylaýym sesli ýigit eken. Ötülmeli ýoluň pikirini unutmak, ýadawlygy duýmazlyk üçin täjir ýigide aýdym aýtmagy teklip edipdir. Hälki ýigit bu teklibi birkemsiz ýerine ýetiripdir, ýakymly owazy bilen aýdyma hiňlenipdir. Bu owaza maýyl bolan düýeler hem ýol ýadawlygyny duýmazdan, üç günde aşmaly menzilini bir gijede geçipdirler. Barmaly menziline ýetenlerinde, ýigit hiňlenmesini goýupdyr. Düýeler diňe şondan soň ysgyn-mydaryny ýitirip, bir tarapa agypdyrlar we jan berip başlapdyrlar. Diňe ýekeje düýe janhowluna urnup, hokurdap, däbşenekläp ýatyrmyşyn. Täjir köp oýlanyp, bu ýagdaýa şol ýakymly owazyň sebäp bolandygyny aňypdyr. Ol ýigdekçäni ýanyna çagyryp, düýe az-kem özüne gelýänçä, ot-suwdan ganýança, mylaýym aýdymlardan birini aýtmagy haýyş edipdir. Oglan aýdyma başlan dessine, düýe başyny dikeldip, ota-suwa agyz urupdyr.

Natalýa DOROGOWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.