Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar

22 Mart 2021
1148

Mähriban halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçdi. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň ajaýyp däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrdy.

Ak mermerli paýtagtymyzda esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda ýaýbaňlandyryldy. Baharyň gelmegi, tebigatyň janlanmagy mynasybetli guralan we adamlaryň arasynda ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan myhmanlar we beýleki adamlar öňňin ir bilen dabaralaryň geçýän ýerine ýygnandylar.

«Aşgabat».