Pasyllaryň soltany

22 Mart 2021
1199

Türkmen halky zeminiň dört paslynyň ähli gözelligine eýe bolan bereketli topragyň eýesidir. Ynsan kalbyna mähir paýlaýan bahar paslynyň gelmegi bilen türkmen tebigaty al-elwan güllere, daş-töwerek çagalaryň şadyýan gülki seslerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary bereketli türkmen topragyna her ýyl mübärek gadamyny goýýan Milli bahar baýramyny ýagşy arzuwlar, dilegler bilen mähirli garşy alýarlar. Ýer ýüzündäki halklary biri-birleri bilen has-da golaýlaşdyrýan, jebisleşdirýän baýramçylyklaryň iň naýbaşylarynyň biri hem Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramydyr.

Nowruz baýramy tebigatyň ähli gözelliklerini özünde jemleýän, pasyllaryň soltany baharda bellenilýär. Aslynda, bahar paslynyň gelmegi bilen gözellik bütin Äleme nur çaýyp, her bir adamyň kalbynda begenç we şatlyk duýgularyny oýarýar.

Atamyrat GARAÝEW,
TKA-nyň Türkmengala etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputaty.