Nowruz bilen baglanyşykly tüýtätinler

17 Mart 2021
1134

Tüýtätinleri çagalar Nowruz baýramynda Ýaremezan gezen ýaly, öýme-öý aýlanyp aýdypdyrlar. Tymsallarda beýan edilişine görä, Tüýtätin — Tüýshatyn atly zenan bolupdyr. Ol ýagyş ýagdyrmak üçin ýel atyna atlanyp, asmana bulut almaga gidipdir diýip, rowaýatlarda aýdylýar.

Demir egip, öý dikiň,
Girip gitsin Tüýtätin!
Ýandak çapyp, ýol açyň,
Geçip gitsin Tüýtätin!