Türkmen aýdym-saz eserlerinde «ak altynyň» waspy

14 Mart 2021
1714

Türkmen topragynda ýetişdirilýän «ak altynymyzyň» waspyny edýän türkmen aýdym-sazlaryny diňläniňde, pagtaly meýdanlar göz öňünde janlanýar. Aýdym-saz halkymyzyň ruhy ganatydyr. Bu sungat tutuş asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mukaddes umydynyň hökmürowan syrdaşy bolup gelýär. Aýdym-saz tebigaty, durmuşy, söýgini gürrüň berýän sungatdyr. Türkmen saz sungaty halkyň geçmiş taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Aýdymçy-bagşylarymyz ak pagtamyz hakynda kompozitorlarymyzyň döreden eserlerini halkyň arasynda uly joşgun, ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Kiçi ýaşly çagalarymyza çenli belli bolan Kerim Gurbannepesowyň sözlerine döredilen «Ak pagtam, gülleriňi aç, Ak pagtam dünýä nuruň saç» diýen aýdym setirleri her birimiz üçin ýakymly ýaşlygymyzy ýatladýan şirin aýdym bolup ýaňlanýar. Şeýle-de, Öwezgeldi Tekäýewiň ýerine ýetiren «Ak pagta – altyn pagta», Magtymguly Myşşyýewiň sözlerine Nury Muhadowyň döreden «Ak pagtaň ak bagtyňdyr», Ata Abdyrahmanowyň sözlerine Mämi Çaryýewiň ýerine ýetirmeginde «Pagta ýygýan maşynlar» ýaly aýdymlar öz döwründe we häzirki günlere çenli halkyň söýgüsini gazanan eserlerdir. Bulardan başga-da, Rehmet Seýidowyň goşgusyna, Weli Ahmedowyň sazyna döredilen «Pagta ýygymçy», kompozitor Rejep Gutlyýewiň sazyna Saparmyrat Babaýewiň ýerine ýetirmegindäki «Pagta hakynda aýdymy» örän täsirlidir.

Röwşen NURMYRADOW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýiniň direktory.