Innowasion ösüşleriň binýady

11 Mart 2021
1032

Döwrebap düşünjeli, kompýuter enjamlaryndan baş çykarýan, kämil tehnologiýalara erk edip bilýän ýaşlary ýetişdirmek döwrüň möhüm talabydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport ugurly harytlaryň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, elektron senagatyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýurdumyzyň ykdysadyýetine, senagatyna, oba hojalygyna, himiýa, nebitgaz, lukmançylyk, bilim ulgamlaryna we halk hojalygynyň beýleki pudaklaryna ylmyň, tehnologiýanyň iň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylmalydyr» diýip belleýär.

Mekan TUWAKLYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.