Ene dilim — eziz dilim

11 Mart 2021
1453

Häzirki döwürde ýurdumyzda ene dilimizi ýaş nesillerimize kämil derejede öwretmek bilim işgärleriniň jana-jan borjudyr. Çünki türkmen diliniň okuwçylara oňat öwredilmegine bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde garalýar.

Gahryman Arkadagymyz ruhy baýlygymyz bolan ene dilimizi öwretmek üçin ähli şertleri döredýär. Şol şertlerden peýdalanyp, mugallymlara döwrebap işlemek, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek galýar. Umumybilim berýän mekdeplerde sanly bilime geçmek dowam etdirilýär, maglumat tehnologiýalaryny okuw maksatly ulanmakda tejribe toplanýar. Okuw sapaklarynda täze tehnologiýalary peýdalanmak okuwçylaryň işjeňligini artdyrmak, öwrenilýän okuw dersine bolan söýgini döretmek hem ösdürmek bilen baglanyşykly anyk maksatlara gönükdirilýär. Şonuň üçin häzirki döwürde umumybilim berýän orta mekdeplerde multimedia tehnologiýalaryny peýdalanyp, interaktiw usulda okatmak netijeli usul hasaplanýar.

Zylyha ÝOLDAŞOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 78-nji orta mekdebiň mugallymy.