Mähribanlykdan döreýän gudrat

3 Mart 2021
1231

Her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýän eziz Diýarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimiz gülzarlyga beslendi. Şeýle owadan hem ýakymly pursatlarda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi olara goýulýan sarpanyň uludygyny görkezýär. Bu günki gün bahar bägülleri ýaly owadan hem näzik zenanlarymyz dürli pudaklarda zähmet çekýärler. Olar erkek adamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ösmegine saldamly goşant goşýarlar.

Dünýäniň bezegi bolan mährem eneler barada söz açylanda bolsa olaryň mähir-mylakatlylyk bilen çaga terbiýesine uly üns berýändigi biygtyýar göz öňüňde janlanýar. Mährem enelerimiz, owadan zenanlarymyz ykdysadyýetde, medeniýetde gazanylýan üstünliklere-de mynasyp goşant goşmagy başarýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşamak, işlemek, nesil terbiýelemek babatda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmagy başarýan zenanlarymyz durmuşymyzyň bezegi hem baýlygy. Sekiz we ondan köp çagany dünýä inderip, kemala getiren enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylyp, ähli amatlyklary döredilen jaýlardan öýleriň berilmegi mährem enelerimiz barada edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. Bahar baýramy mynasybetli çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlaryň ählisine Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sylagynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy olaryň üns-alada bilen gurşalandygyny görkezýär. Ýurdumyzda zenanlara sylag-sarpanyň çäksizdigini alamatlandyrýar. Mähriban enelerimizi mertebeläp, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň olar üçin gymmatly serpaýlarynyň biri hem «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabydyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda buýsanç bilen belleýşi ýaly, eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglalydyr. Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar. Biziň bagtyýarlygymyz eneleriň arzuwydyr. Biziň arzuwymyz bolsa eneleriň bagtyýar bolmagydyr.

Aýna IŞANOWA,
TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň hasabat bölümçe müdiri.