Luk­man ene

3 Mart 2021
863

Owadan Diýarymyzyň gül gujagynda, eşretleriň hözirini görüp, ogul-gyza, agtyk-çowluga guwanyp ýaşamak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Şeýle bagtly ynsanlaryň biri 1929-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Aşgabatda dünýä inen, 92 ýaşy arka atan Bossan Saryýewadyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan Bossan eje ogluna, gyzyna, agtyklaryna, çowluklaryna guwanyp, bagtly durmuş ýoluny dowam etdirýär. Agtyklary lukmançylyk, nebit-gaz, jemgyýetçilik ýaly dürli ulgamlarda yhlas bilen zähmet çekýärler. Bossan ejäniň çowluklaryndan ýokary okuw mekdebinde bilim alýany hem, Watan öňündäki harby gulluk borjuny ýerine ýetirýäni hem, mekdebe we çagalar bagyna gatnaýanlary hem bar.

Jennetgül ORAZOWA,
«Watan».