Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

3 Mart 2021
1000

Hormatly Prezidentimiz 10-njy fewralda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işler baradaky hasabatlary diňledi. Hususan-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektoryna ykdysady düzümler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ýokary okuw mekdebinde amala aşyrylýan ylmy işleri höweslendirmek, daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini öwrenmek boýunça anyk tabşyryklar berildi. Munuň özi sapaklary okatmak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, halkara maliýe düzümleri, olaryň tejribeli professor-mugallymlary we bilermenleri bilen tejribe alyşmak işleriniň gerimini giňeltmekde, hünärmenleri taýýarlamagyň täze innowasion usullaryny giňden ornaşdyryp, döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärleri girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmekde ýokary okuw mekdebimiziň öňünde täze wezipeleri goýýar.

Ýeri gelende bellesek, institutymyzda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 9-sy bilen özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdebimiz 2020-nji ýylda Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasy, adyndan hem belli bolşy ýaly, dünýä ýurtlarynyň ýokary bilim berýän edaralaryny öz içine alýan jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.

Ýazgeldi ANNAMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.