Halypa mugallymyň sarpasy

2 Mart 2021
1826

Halypa mugallym Gurbanbagt Baýramdurdyýewa Bereket etrabynyň Isgender obasynda 1946-njy ýylda dogulýar. Ol şol obadaky Saýlaw Myradow adyndaky 2-nji orta mekdepde okaýar. Soňra 1965-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine gaýybana okuwa girip, ony 1971-nji ýylda tamamlaýar. Ol ömrüniň ahyryna çenli öz obasyndaky mekdepde 42 ýyl zähmet çekdi.

Gurbanbagt mugallym bilen bir obada ýaşasak-da, aýry-aýry mekdeplerde işleýärdik. Onuň ady hemişe işine ussat, halypa mugallymlaryň hatarynda tutulardy. Men geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda milli miras bilen gyzyklanyp ugradym. Şonda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen baglanyşykly soraglar ýüze çyksa, hemişe Gurbanbagt mugallyma ýüz tutardym. Onuň ejesi hem köpleriň halypasydy. Ylym-bilimden ýüki ýetik mugallym hemişe meniň maslahatçym bolupdy. Ol hakyky halypa mugallymdy. Şonuň üçin meniň sowallarym hiç wagt jogapsyz galmazdy.

Hangylyç TAGANGYLYJOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär.