Döwrebap bilim berlişiň beýany

1 Mart 2021
838

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Etrek etrap geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Ýylyň mugallymy» atly bäsleşik geçirildi. Mugallymlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda okuwçylara berilýän bilim-terbiýäniň hiliniň ýokarlanýandygyny buýsanç bilen bellediler. Okuwçylaryň arasynda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, halallyk, arassa ahlaklylyk ýaly mowzuklardan geçirýän işlerini beýan etdiler.

Etrapdaky 5-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Akbäbek Garaýewa birinji orny eýeläp, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Azatgeldi SÄHEDOW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Serdar şäher geňeşiniň başlygy.