Ykdysadyýetiň möhüm ugry

5 Sentýabr 2024
391

Ak bugdaýyň gadymy mekanynda ekerançylyk medeniýetiniň häzirki zaman tejribeleri — sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri bilen utgaşmagynda gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp keşbidir. 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişilmegi hem munuň aýdyň dabaralanmasy boldy.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi  bilen badalga alan güýzlük bugdaý ekiş möwsümi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de özgertmek, ony iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanmaga, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Jemal GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.