Galkynyşdan görklenýän obalar

4 Sentýabr 2024
465

Şabat etrabynyň Diýar geňeşligi galkynyşdan görklenýän obalary bilen döwrebap ösýär, özgerýär. Geňeşligi Galkynyş, Abdalýap, Aýakketli, Ogşuk ýaly obalaryň dördüsi düzüp, olarda häzirki zamanyň döwrebap ýaşaýyş gurşawy doly üpjün edilendir. 16 müňden gowrak ilaty bolan geňeşligiň çäginde iş saparynda bolanymyzda, bu ýerde taryhy döwrümiziň baş maksat hökmünde öňe çykarýan wezipeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň gözli şaýady bolduk. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Jennet Hallyýewa bilen geňeşlige tarap ugranymyzda, onuň maksat edinip barýan obalarymyz hakda beren gürrüňleriniň hakykatdygyna doly göz ýetirdik. Işleriň belent maksatdyr yhlasyň sazlaşygyndan rowaçlanýandygy geňeşligiň tutuş çäginde mese-mälim duýulýar. Gara ýoluň iki gyrasyny jähekläp oturan söwda nokatlarynda ilata medeniýetli söwda hyzmatlarynyň edilýändigini olaryň köp adamlydygyndan hem arkaýyn duýmak bolýar.

Mahym PIRIÝEWA,
«Daşoguz habarlary».