Jöwen, zagara, köje...

27 Iýul 2024
675

Halk senenamasy boýunça Aralyk döwri 22-nji iýulda tamamlanyp, Üçýyldyz döwri başlandy. Daýhanlarymyz bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekip, şu günler olara ideg edýärler. Daýhan üçin-de, daýhan birleşigi üçin-de örän amatly we girdejili bolan aralyk ekinleriň şu ýyl Lebap welaýatynda 10-dan gowrak görnüşi ekildi. Olaryň içinde şaly, dary, mäş, noýba, bakja, jöwen ýaly ekinleri köpräk eken daýhanlarymyz bu önümleriň bazar bolçulygyny-da döredýärler.

Ýurdumyzda başlanan düýpli oba hojalyk özgertmeleri daýhanlarymyzyň öz önümleriniň hasabyna baýap bilmegi üçin giň mümkinçilikleri açdy. Bu — birinjiden. Ikinjiden, toprak kartogrammasy esasynda geçirilýän ekin dolanyşygy ýeriň gurplanmagyna we topragyň düzüminiň baýlaşmagyna şert döretdi. Üçünjiden, daýhanlarymyzyň dary, jöwen ýaly şu günlere ýetiren birnäçe ekinleriniň ýene-de ak bazarlaryň tekjelerinde peýda bolmagyna getirdi. Olary bazarda gören ýaşuly nesliň wekilleri söýünç bilen ýüzüne syldylar. Neneň şeýle bolmasyn?! Ata-babalarymyzy köp dertlerden, bela-beterlerden goran ak jöweniň «zagara» diýilýän çöregi şu günki günde hem ähmiýetini ýitirenok. Jöweni öňler mellek ýerlerinde ösdürip ýetişdiren daýhanlar indi ony aralyk ekin hökmünde gektarlap ekip başladylar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».