Gowaça meýdanlaryndaky joşgunly zähmet

24 Iýul 2024
643

Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli künjeklerinde gowaça göwnejaý ideg etmeklige gönükdirilen çäreleriň depgini barha giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlaryndan ýerlikli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemegi maksat edinýän pagtaçy daýhanlar giň meýdanlarda ir ertirden giç agşama çenli öndürijilikli zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde-de günsaýyn boý alyp, gül-gunçalara basyrynýan gowaçalar atyzlara bezeg berýär. Munuň şeýledigini Görogly etrabynyň çäklerinde hem görmek mümkin.

Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň hem bu babatdaky derwaýys işleri guramaçylykly alyp barýandyklaryny bellemek bolar. Olar şu ýylyň baharynda jemi 1600 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş gazanmak bilen, onuň ideg çärelerine-de öz wagtynda girişipdirler. Daýhan birleşiginiň baş agronomy Jumageldi Çülliýewiň aýtmagyna görä, şu geçen döwürde gowaçalary ýekelemek, haşal otlardan arassalamak, iýmitlendirmek boýunça işler ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Şu günlerde bolsa olara ösüş suwuny tutmaklygy talabalaýyk amala aşyrmak ugrunda ähli çäreler görülýär.

Ýörite habarçymyz.