Ussatlaryň mekany

11 Iýul 2024
256

Şu ýylyň 4-nji iýulynda Milli Liderimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary wagtynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy iki dostlukly döwletleriň ähli ugurlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň hem çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny aýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň ýeten derejesini belentden wasp etmekde, il-günümizi täze üstünliklere ruhlandyrmakda, medeniýetiň we sungatyň has-da kämilleşmegini, täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde ulgamyň işgärleriniň ilhalar, ruhubelent eserleri döretmekleri, hyjuwly işlemekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, žurnalist.