Daşoguz welaýaty boýunça 8 müň 100 gektarda ýetişdirilýän şalynyň ählisi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky we «27-nji oktýabr» daýhan birleşiklerinde, şeýle hem «Ykbal açary» daýhan hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýär. Mälim bolşy ýaly, şaly ekini görnüşlerine laýyklykda irki, aralyk, giçki görnüşlerde ýetişdirilýär. Ady agzalan daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalygynda bu ýerleriň toprak, howa şertlerine uýgunlaşan şalynyň «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2», «Bereket» görnüşleri ekildi. Ýeri gelende aýdylsa, şu ýyl meýdanlaryň agramly bölegine şalynyň irki görnüşleri ekildi.
«Şalynyňky suw bilen» diýlip nakylda aýdylyşy ýaly, şalynyň bütin ösüşi suw bilen bagly. Şonuň üçinem bu hojalyklara Monjukly, Çynakar suw akabalaryndan suwuň ýeterlik mukdary goýberildi. Şaly ekiljek ýerleriň her gektaryna ekişden öň 400 kilogram fosfor, 100 kilogram karbamid, 100 kilogram kaliý dökünleri berlip gurplandyryldy.