Kitap okamak endigini ösdürmek

9 Iýul 2024
520

Pähimdar pederlerimiz nesil terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Esasan-da, ýaş nesilleriň köp okamaklaryny, kitaba sarpa goýmaklaryny ündäpdirler. Munuň üçin balarynyň güllerden goruny ýygnaýşy ýaly, ynsanyň hem kitaplaryň üsti bilen paýhas goruny toplamagy gerek. Häzirki wagtda ýaşlaryň boş wagtlaryny kitaphanalarda geçirmeklerini gazanýarys. Olaryň özbaşdak kitap okamaga bolan höweslerini artdyrmak, elbetde, mugallymlara hem-de ata-enelere bagly ýagdaýlaryň biridir. Il içinde hormatlanýan, akylly-paýhasly adamlaryň, sowatly danalaryň hem köp kitap okamagyň netijesinde kämil bolýandygyny perzentlerimize düşündirmelidir. Olarda gündelik kitap okamak ýaly gowy endikleri döretmek möhümdir. Munuň üçin ata-eneleriň özi hem çaganyň gözüniň öňündäki göreldesi bolmalydyr. Häzirki döwrümizde kitaplary ele alyp okamak bilen bir hatarda, elektron görnüşinde okamak mümkinçiligi has hem ýokarydyr. Islendik kitaplary elektron kitaphanalaryň üsti bilen almak we okamak bolýar.

Tomusky dynç alyş günleriniň başlanmagy bilen mekdep okuwçylarymyza kitaplary — Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini, şeýle hem çeper eserleri, şygyrlary okamagyň we öwrenmegiň peýdasy barada söhbetler guraldy. Munuň özi çagalaryň özbaşdak pikirleriniň ösmegi, kämilleşmegi, döredijiliginiň artmagy üçin ilkinji basgançaklaryň biri bolup durýar.

Amangeldi ILGELDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki 66-njy orta mekdebiň müdiri.