Kitap — bilimler ummany

3 Iýul 2024
349

Adam elmydama gowy zatlaryň gözleginde bolmaly. «Köp okan köp biler» diýlişi ýaly, özbaşdak çeper edebiýatlary, taryhy maglumatlary okamaly. Kitap okamak ynsanyň kalbyny tämizleýär. Täze-täze duýguçyl pikirleri döredýär. Okyjy özüniň we özgäniň durmuşynda bolup geçýän wakalara, pursatlara paýhasly çemeleşýär. Kitap ynsanyň akyl sandygynyň gorunyň agramlanmagyna, aňly-düşünjeli bolmagyna ýardam berýär. Edebiýat adamyň ylym-bilim dünýäsindäki täze-täze maglumatlar bilen tanşyp, dünýägaraýşynyň giňelmegine hem uly täsir edýär. Islendik bir zady, ýagny kitaby, makalany, goşgyny, poemany, romany okamak okyjynyň dil baýlygyny artdyryp, edebiýata we döredijilige bolan söýgüsini oýaryp bilýär. Şunuň ýaly gyzyldan gymmatly maglumatlaryň toplanan ýeri hem kitaphanalardyr. Ýurdumyzyň iň gözel ýerinde ýerleşýän, Köpetdagyň etegini etekläp oturan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem giň okyjylar köpçüligine hyzmat edýär. Döwlet kitaphanasynda okyjylaryň kitap okamagy üçin ähli şertler döredilen.

Kitaphananyň ümsümligi, kaşaňlygy, giňligi, ýagtylygy we owadanlygy okyjynyň kitap okamaga bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Kitaphananyň yşyklandyryjysyndan başga-da, her okyjy üçin niýetlenen stol çyrajyklarynyň ýerleşdirilmegi okyjynyň kitap okamagy üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar. Her bir okyja özüne gerekli maglumatlary, kitaplary tiz wagtyň içinde tapyp almaga hem giň mümkinçilikler bar. Kitaphanalarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden döreýän ajaýyp kitaplary hem-de ýazyjylarymyzyň, şahyrlarymyzyň, alymlarymyzyň ajaýyp eserleri saklanýar we bu günki gün okyjylarymyz tarapyndan öwran-öwran okalýar.

Dursun MYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ylmy-habar beriş we sowal-jogap bölüminiň bölümçe müdiri.