Bilim işgärleriniň 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryny we usuly-amaly okuwlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar

2 Iýul 2024
3358

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hakynda şeýle belleýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr. Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde toplanan ägirt uly tejribelerimizden ugur alyp, bu gün ýaş nesilleri terbiýelemek we okatmak babatda uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döredildi. Olaryň hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine ähli zerur şertler bardyr. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatynda işler giň gerimde alnyp barylýar. Bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermegiň öňdebaryjy tejribelerini bilim işine ornaşdyrmaga, döredijilikli we halal zähmet çekmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere has-da işjeň gatnaşmaga ähli şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.