Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da­ky 24 to­pa­ryň 5-si­niň tä­lim­çi­si ital­ýan

14 Iýun 2024
322

Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýan 24 ýy­gyn­dy­nyň tä­lim­çi­le­ri­niň 16-sy­na her ýur­duň ýer­li hü­när­me­ni tä­lim be­rip, 8 ýy­gyn­da baş­ga ýur­duň tä­lim­çi­le­ri, le­gio­ner hü­när­men­ler tä­lim­çi­lik ed­ýär. 24 ýy­gyn­dy­nyň tä­lim­çi­le­ri­niň ara­syn­da iň köp ita­li­ýa­ly tä­lim­çi­le­re duş gel­mek bol­ýar. Ita­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si Lu­ça­no Spal­let­ti­den baş­ga-da 4 ýur­da tä­lim ber­ýän baş tä­lim­çi­ler ita­li­ýa­ly hü­när­men­ler­dir. Tür­ki­ýä­niň ýy­gyn­dy­sy­na Win­çen­zo Mon­tel­la, Slo­wa­ki­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na Fran­çes­ko Kal­zo­na, Weng­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na-da Mar­ko Ros­si tä­lim ber­ýär. Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň 38 ýa­şyn­da­ky tä­lim­çi­si Do­me­ni­ko Te­des­ko hem ita­li­ýa­ly tä­lim­çi bo­lup, onuň Ger­ma­ni­ýa­nyň ra­ýat­ly­gy hem bar.

Ita­li­ýa­dan soň iň köp ger­ma­ni­ýa­ly, fran­si­ýa­ly hem-de is­pa­ni­ýa­ly tä­lim­çi­ler bo­lup, ady ag­za­lan bu ýurt­la­ryň her­sin­den 2 hü­när­men Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýar. Ger­ma­ni­ýa­dan ýer­li mil­li ýy­gyn­dy­nyň tä­lim­çi­si Ýu­li­an Na­gels­mann­dan baş­ga Awst­ri­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­na-da meş­hur hü­när­men Ralf Rang­nik tä­lim­çi­lik ed­ýär. Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si Di­die De­şam bi­len ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek yk­lym ýa­ry­şy­na we­kil­çi­lik ed­ýän Gru­zi­ýa­nyň tä­lim­çi­si Wil­li San­ýol çem­pio­na­tyň fran­si­ýa­ly tä­lim­çi­le­ri­dir. 2 goň­şy ýur­duň tä­lim­çi­le­ri – Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si Lu­is de la Fu­en­ta hem-de Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si Ro­ber­to Mar­ti­nes is­pa­ni­ýa­ly hü­när­men­ler­dir.