Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler.
Türkmen halkynyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetini esaslandyryjylaryň biridigi bellärliklidir. Munuň şeýledigini köp sanly arheologik barlaglaryň netijeleri hem tassyklaýar. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda topragy özleşdirmegiň baý tejribesine esaslanyp, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiripdir. Çörege ähli döwürlerde-de mukaddeslik hökmünde garalyp, ol bolçulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanypdyr. Watanymyzyň “altyn” harmanyny barha beýgeldýän galla önümçiliginiň möçberiniň meýilnamalaýyn esasda artmagy ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň we gülläp ösüşiniň, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň kepili bolup durýar.