Mugallymyň gyzy (Siziň deň-duşuňyz)

3 Iýun 2024
441

Mugallymçylyk diňe mekdepde her günki sapaklaryňy okadyp gaýdanyň bilen çäklenmeýär. Hakyky mugallym işi, okuwçylary barada ýekeje pursat hem pikir etmän bilmeýär. Ol mekdepden daşgary hem ähli ýerde hemmelere görelde. Enejan hem hut şeýle asylly maşgalada terbiýelendi. Ýaşlykdan bilime höwesli, ençeme olimpiadalarda, bäsleşiklerde gowy netijeleri görkezen zehinli gyz geljekde mugallym bolmagy arzuw edýär.

Mugallymlar maşgalasynyň zürýady — Enejan Narmyradowa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy. Ol diňe bir olimpiadaçy däl, eýsem, sungatyň dürli ugurlary bilen hem gyzyklanýar, daşary ýurt dillerini öwrenýär. Oňa: «Mugallymyň gyzy» hem diýýärler.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».