Ylmy-amaly maslahat geçirildi

2 Iýun 2024
611

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan «Türkmenistan döwletimiz bagtyýar çagalaryň mekanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çykyşlarda çagalar sporty, lukmançylyk, pedagogika, dil öwretmegiň häzirki zaman usullary boýunça ylmy temalara aýratyn orun berildi.

«Türkmenistan döwletimiz bagtyýar çagalaryň mekanydyr» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirildi.

Ýörite habarçymyz.