Welaýat birinjiligi geçirildi

31 Maý 2024
484

Ýakynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde 2010 — 2012-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda türkmen milli göreşi boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen çekeleşikli tutluşyklara ýaş türgenleriň oňat taýýarlykly gelmekleri ýurdumyzda sportuň görnüşiniň barha pajarlap ösýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Iki günläp dowam eden bäsleşige welaýatymyzyň Akdepe, Boldumsaz, Görogly, Köneürgenç, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndan ýaş pälwanlaryň 61 sanysy gatnaşyp, olar 26 — 52 kilogram aralygynda, jemi 9 agram derejesi boýunça özara bil tutuşdylar. Ýaryşa welaýatymyzyň birinji derejeli eminleri eminlik etdiler. Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijesinde her bir agram derejesi boýunça ýaryşyň ýeňijileri belli edildi. Şeýle hem toparlar boýunça Görogly etrabyndan gelen türgenler birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary ikinji, Akdepeli ýaş pälwanlar üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere welaýatymyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary we medallary, ýerli jemgyýetçilik guramalaryň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýaş pälwanlary taýýarlamakda aýratyn tapawutlanan Görogly etrabyndan gelen toparyň tälimçisi Parahat Atjykow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Arazmyrat Begnazarow, Akdepe etrabynyň türgenleriniň tälimçisi Akmyrat Mämmetjanow daga aýratyn hoşallyk bildirildi. Öz agramlary boýunça ýeňiji bolmagy başaran türgenler döwlet derejesinde geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.