Edebi we ebedi gatnaşyk

30 Maý 2024
489

Azerbaýjan Respublikasynyň milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Tohfe Talibowa ýakynda paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara ylmy maslahata gelende «Azerbaýjan — Türkmenistan edebi gatnaşyklary. 1912-2022-nji ýyllar» atly kitabyny sowgat getirdi.

Dürli ýyllarda, esasan hem, Garaşsyzlyk ýyllary içinde azerbaýjan we türkmen alymlary iki dostlukly halkyň edebi gatnaşyklaryny ösdürmekde uly hyzmatlary bitirdiler. Kitap şeýle gatnaşyklaryň ylmy seljermeleriniň beýany bolup, onda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde azerbaýjan alymlarynyň alyp baran köpugurly işlerine-de syn berilýär. Uzak ýyllaryň ylmy gözlegleriniň netijesini özünde jemleýän bu kitap türkmen magtymgulyşynaslarynda hem uly gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.

Ýörite habarçymyz.