«Keşdeçilik sungaty – mirasymyň zynaty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

29 Maý 2024
968

Şu gün paýtagtymyzyň Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Keşdeçilik sungaty – mirasymyň zynaty» atly talyp gyzlarynyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu geçirilen maslahata Aşgabat şäheriniň 109-nji çagalar bagynyň terbiýeçi we usulyýetçisi mähriban ene Gülnar Gaýirowa, 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň başlangyç mugallymy mähriban ene Ogultäç Babaýewa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa şeýle hem Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Güljan Ýusupowa we okuw mekdebiň talyplary gatnaşdylar.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».