Pyragy

22 Maý 2024
402

Üç asyrdan bäri adyň ebedi,
Şygyrlaryň paýhas bolup döredi.
Bu gün arzuw eden zamanaň geldi,
Döwrümiz döwletli döwran, Pyragy!

Şanyňy beýgeltdi eziz Arkadag,
Arkadagly Serdar ile howandar,
Her ýazan jümläňde müň bir hikmet bar,
Okanlar pähmiňe haýran, Pyragy!

Gülnahal SEÝITKULYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.