Dünýä ýaýylýan medeniýet

21 Maý 2024
448

Eşretli zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýeti, sungaty hem döwrebap ösüşlere beslenýär. Medeniýetiň, sungatyň ösmegi, halkyň ruhunyň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen medeniýeti, sungaty milli däp-dessurlary, amaly-haşam işleri, hoş owazly aýdymlary, mukamlary bilen meşhurdyr. Medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Türkmen medeniýeti, sungaty bu günki gün dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzda halkara sungat festiwallarynyň, sergileriniň, Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi, şonuň ýaly-da dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara festiwallara, Türkmenistanyň Medeniýet günlerine medeniýet, sungat ussatlarymyzyň gatnaşyp, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmekleri buýsançly bellenilmäge mynasypdyr. Hoş owaza baý aýdym-sazlar ynsan göwnüniň ganaty bolmak bilen, adamlaryň ruhunyň belent, kämil bolmagyna ýardam edýär. Şahyrlarymyzyň döwrümizi wasp edýän şygyrlary, aýdymçydyr sazandalaryň täze aýdym-sazlary döredip halkymyza ýetirmekleri, döwrüň belent ösüşleriniň sungatymyza siňýändigini ýüze çykarýar.

Ýeri gelende bellesek, haýsy halkyňkydygyna garamazdan, medeniýetiň, sungatyň öňde goýýan maksady birmeňzeşdir. Ynha, şunuň özi haýsydyr bir halkyň sungaty ähli halk üçin düşnüklidir diýmäge esas döredýär. Ýüreklerde orun almak üçin halka hödürleýän aýdymyň, sazyň, sungat eseriň kämil derejede sünnälenen bolmaly. Kämil aýdym-sazlary döretmek üçin işine ussat hünärmenleriň türkmen medeniýetiniň, sungatynyň at-owazasyny äleme doldurjak eserleri zerur. Halypa-şägirt gatnaşyklary pederlerimizden gelýän dowamly ýol. Halkymyzyň halypa aýratyn hormat goýmagam onuň şägirt ýetişdirmek ýaly mukaddes borjy ýerine ýetirýändigi bilen baglydyr. Halypa çykyp, şägirt ýetişdirmek uly bagt. Ilhalar bagşy-sazandalar oňa dogry düşünip, hemişe şägirt ýetişdirmegiň aladasynda bolupdyrlar. Şägirtleri halypanyň ýolunam, adynam mynasyp dowam etdiripdirler. Il arasynda bagşy-sazandalar: «Pylanynyň şägirdi» diýilmegini belent mertebe hasaplaýarlar. Halypalar şägirtleriniň muşdaklarynyň göwnüni awlaýan bagşy-sazandalar bolup ýetişmekleri üçin yhlas edýärler. Olaryň zehin-yhlasyndan dörän aýdym-sazlar wagt geçdigiçe kämilleşip, ýüreklere ornaýar. Şägirdiniň hünär atasy bolan halypa öwretmekden armaýar.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, žurnalist.