Aşgabatda çagalary we ýetginjekleri ösen bilim maksatnamalaryna laýyklykda goşmaça bilim almaga çagyrýan täze bilim merkezi — «IQ007» mekdebi açyldy. Çagalar tiz okap öwrenmek we aň taýdan kämilleşmek, sowatly ýazmak we kalligrafiýa, iňlis dilini suwara öwrenmek, şeýle hem IQ etika ýaly ugurlary aňsatlyk bilen özleşdirip bilerler.
«IQ007» mekdebi — rus franşizasy bolup, 10 ýyllyk iş tejribesiniň dowamynda Russiýada we GDA ýurtlarynda 565 sany mekdebi açdy, 3600 sany pedagogy taýýarlady we 350 000-den gowrak okuwçyny okatdy. Bilim taslamasy tejribeli hünärmenler tarapyndan işlenip düzülip, çagalary döredijilige, öz-özüňi aň taýdan kämilleşdirmäge hem-de her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga ruhlandyrýan dürli programmalary, täsirli we özboluşly usullary hödürleýär.