Akyldar şahyra bagyşlanan dokumental film gyrgyz teleýaýlymlarynda görkezilýär

13 Maý 2024
358

Mälim bolşy ýaly, Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental film surata düşürildi. Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde düşürilen bu film akyldar şahyryň ömri we döredijiligi barada gyzykly maglumatlary, taryhy faktlary, gyrgyz ylmy intelligensiýasy bilen geçirilen söhbetdeşlikleri öz içine alýar.

Gyrgyz dilinde ses berlen dokumental film maý aýynyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň «Тв-15», «Реги­он», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» we «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkezilýär.

Arzygül AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.