Mertlik mekdebi

9 Maý 2024
709

7-nji maýda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Beýik ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Dabaraly duşuşykda Döwletsähet Orazow, Merdan Berdigylyjow, Sergeý Agamýan, Azat Orazow ýaly paýtagtymyzyň ýaşuly ýaşaýjylary uruş hem-de zähmet weteranlarynyň geçen şöhratly ýoly, görkezen edermenligi barada mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryna täsirli gürrüňleri berdiler.

Olaryň belleýşi ýaly, pederlerimiziň geçen ömür ýoly ýaş nesillerimizi watançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde nusgalyk mekdepdir.

Ýörite habarçymyz.