“Ýaşlar - Watanyň daýanjy”

15 Aprel 2024
477

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Biz - ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi bolduk. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen gelejegiň eýeleri bolan biz - ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döretmegimize, zähmet çekmegimize, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Muny Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem yzygiderli nygtaýar, ýaşlara bil baglaýandyklaryny aýdýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji eserini ýaşlara bagyşlap, oňa “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” diýip at bermegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň adynyň bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen bagly bolmagy döwrüň soňlanmajak aýdymydyr, owazydyr. Çünki buýsanyp aýdyşymyz ýaly, ýaşlar - biziň şu günümiz, geljegimiz. Olaryň amala aşyrýan işlerinden döwrümiz, ömrümiz gülleýär.

Ferýuza MUMINOWA,
Çärjew etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.