Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýetine bagyşlanan neşir

13 Aprel 2024
594

Golaýda «Ylym» neşirýatynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň «Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti we menejmenti» atly okuw kitaby neşir edildi. Ol bazar şertlerinde hereket edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýetine, menejmentine we marketingine bagyşlanandyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow žurnalistleriň jemgyýetiň öňünde durýan wezipelerini kesgitlemek bilen, «Dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek, täze media-tehnologiýalary işjeň peýdalanmak hem-de bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerur» diýip nygtaýar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».