Sahnada «Gilgameş»

10 Aprel 2024
412

Golaýda welaýat döwlet drama teatrynda «Gilgameş» atly spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ony dramaturg Oguljennet Bäşimowanyň pýesasy esasynda teatryň baş režissýory Öwezmämmet Galandarow sahnalaşdyrdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli sahnalaşdyrylan bu sahna oýny taryhy wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ýurdumyzyň günortasynda dörän irki şäherler bilen Mesopotamiýadaky şumerleriň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň bolandygy barada getirilýän maglumatlara esaslanyp sahnalaşdyrylan spektakl halkymyzyň medeni mirasyny, müňýyllyklara uzaýan geçmiş taryhyny şu günki günüň tomaşaçylaryna ýetirmegi maksat edindi. Bular dogrusynda baş režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

— Häzire çenli sahnalaşdyran taryhy spektakllarymdan tapawutlylykda, «Gilgameş» sahna oýny adamzat siwilizasiýasynyň irki döwürleriniň wakalaryny özünde jemleýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň aňyrsynda uly many bar. Änewlileriň Mesopotamiýadaky gadymy şumerleriň siwilizasiýasyna ýetiren täsiri — alymlaryň subut eden hakykaty. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda şumerleriň Asman taňrysyny Anu diýip atlandyrandygyndan ugur alyp, «Änew» adynyň hem şu sözden gelip çykandygy baradaky pikirlerini beýan edýär.

Aýjemal Gaýlyýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».