«Arkajyň» saz dünýäsi

4 Aprel 2024
516

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz aladalary netijesinde 2008-nji ýylda «Şasenem we Garyp» operasynyň gaýtadan goýlup, tomaşaçylara ýetirilmegi bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna türkmen operalaryny sahnalaşdyrmak asylly däbe öwrüldi. Ajaýyp zamanamyzda opera sungatyny, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Şeýle operalaryň biri 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ilkinji gezek sahnalaşdyrylan «Arkaç» operasydyr. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow «Arkaç» operasynyň librettosyny «Aýna» atly meşhur halk dessany esasynda ýazdy.

Operada beýan edilýän wakalar XVIII asyrda Arkaç obasynda bolup geçýär. Onda Söhbet atly ýaş ýigit Jumageldi baýyň gyzy Aýna bilen söýginiň külpetli ýolunda köp kynçylyklary görüp, ahyrynda bir-birege gowşuşy dartgynly wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Operada söýgä wepalylyk, aýdym-sazyň jadyly güýji bilen dürli kynçylygy ýeňip bolýandygy Aýna bilen Söhbediň keşpleriniň esasynda açylyp görkezilýär.

Gurban BABAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, Türkmenistanyň halk artisti.