Yklym çempionatyna ýollanma

20 Ýanwar 2024
506

Türkmenistanyň tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Merkezi we Günbatar Aziýadan yklym çempionatyna wekilçilik etmäge ýollanma aldy. Bu hukuk ýakynda Omanyň Maskat şäherinde geçirilen sebitleýin ýaryşda gazanylan üstünlikden soň berildi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen türgenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ilkinji halkara üstünligini hut şu ýaryşda gazandy. Ýurdumyzyň çempiony Ilima Guseýnowa iki tapgyrdan ybarat bolan Merkezi we Günbatar Aziýanyň çempionatynyň ilkinji tapgyryny altyn medal bilen jemlemegi başardy.

(Ýörite habarçymyz).