Biz Oguzhan nesli

17 Ýanwar 2024
525

Bäherden etrabyndaky 30-njy orta mekdepde şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. “Biz Oguzhan nesli” atly bäsleşigi “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen etrap bilim bölümi bilelikde guradylar.

Etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşly okuwçylarynyň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen bäsleşik ýaş nesle ukyp-başarnygyny görkezmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Uly gyzyklanma döreden bäsleşikde etrapdaky 29-njy orta mekdebiň topary birinji, 2-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Mamagözel BOZZYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň işgäri.