Zehin zehinden zyýada

12 Ýanwar 2024
491

4 — 9-njy ýanwar aralygynda Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaş derejelerine laýyklykda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Iň kiçi ýaş derejesi bolan 7 ýaşa çenlileriň arasyndaky ýaryş ilkinji gezek geçirilýänligi bilen tapawutlandy we türkmen küştüniň täze zehinjiklerini ýüze çykardy. Oglanlaryň arasynda paýtagtly Çarykerim Çaryýew ähli döwlerini şowly tamamlap, ýeňiji boldy. Gyzlaryň arasynda bolsa Mary welaýatyndan Anna Çaryýewa öňdäki orny eýeledi. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplady.