Salar pälwan hakda söhbet

12 Ýanwar 2024
502

Salar pälwan türkmeniň meşhur pälwanlarynyň biridir. Onuň nesil ugrundan bolan, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň gadymy Tilki obasynyň ýaşaýjysy Amanmyrat Ataýew hem-de Demirjenli Akga Çerre pälwanyň agtygy bilen bolan gürrüňçilikden soň, tanymal pälwan hakynda ýatlama makala ýazmagy makul bildim. 1891-nji ýylda Hasar dagynyň gatbar-gatbar dag kemerlerinden gözbaş alyp gaýdýan Goç çeşmesiniň, Goç we Awlak kärizleriniň suwlaryndan suwlanýan, bag-bakja bürenip oturan teke türkmenleriň wekil bölüminiň ýaşaýan mekanynda, daň säher bilen daýhan Sapar Salar oglunyň döwletli maşgalasynda saryýagyzja oglan bäbejik dünýä inýär. Sapar aga oba ýaşulusyny çagyryp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyryp, kakasynyň hormatyna Salar diýip at dakýar. Dowar soýlup, pişme bişirilýär. Salarjygyň geljekde bagtly bala bolmagy arzuwlanyp, uly toý tutulýar.

«Iki aýakly iki günde» diýleni, ol ene-atasynyň elinde terbiýelenip, kemala gelýär. Bedeni bekäp, ýumşa ýarap ugranyndan, öý hojalygynda we maşgalalarynyň ekin meýdanynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ýollaryny öwrenip, zähmetde taplanýar. Kyblasyna mellek ýerlerinde ýer depmekde, tohum sepmekde, ideg etmekde, ýetişdirilen hasyly ýygnamakda el-aýak bolup, ýakyn kömekçi bolup ýetişýär. Hojalyk işlerinden eli sypyndygy, öz deň-duş oglanlary bilen türkmen milli oýunlary bilen bir hatarda göreş tutýar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.