Belent ynamdan galkynýan göwünler

12 Ýanwar 2024
505

Ähli ulgamlarda uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaş nesil üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Ýylyň jemlerine bagyşlanan halkara serginiň hem-de ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, tapawutlanan ýaşlaryň döwlet sylaglarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çap edilmegi kalbymyza ganat berdi. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň goldaw-hemaýatlaryndan, beýik ynamyndan göwünleri galkynan ýaşlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna hem uly ruhubelentlik bilen gadam basýarlar.

Mähriban ŞÖHRADOWA,

Taýýarlan Kakamyrat GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».