Ýaryş çekeleşikli geçdi

12 Ýanwar 2024
615

Mekdep okuwçylarynyň häzirki günlerde dowam edýän gyşky dynç alyş möwsüminde wagtlarynyň manyly we netijeli geçmegini gazanmak maksady bilen welaýatymyzda birnäçe täsirli çäreler geçirilýär. 14 ýaşdan uly bolmadyk mekdep okuwçylarynyň arasynda guralýan şaşka ýaryşy hem şeýle çäreleriň biridir. Kaka etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň sport zalynda geçen şaşka ýaryşy has-da uly gyzyklanma döretdi. Bu ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady.

Ýaryşa etrapdaky mekdeplerden okuwçylar gatnaşyp, özara bäsleşdiler. Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryşda güýçlüler öňe saýlandy. Şeýlelikde, etrapdaky 21-nji orta mekdebiň topary birinji, 14-nji orta mekdebiň topary ikinji, 15-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Şeýle ýaryşlar beýleki etraplarda hem geçirilýär.

Wepa ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.