Taryhda şu gün

6 Ýanwar 2024
488

Şol gün geçirilen duşuşykda 4:2 hasabynda ýeňiş gazanan «Filadelfiýa Flaýers» topary yzygiderlilikde ýeňlişsiz geçiren duşuşyklarynyň sanyny 35-e ýetirdi. «Uçarmanlar» 1979-njy ýylyň 14-nji oktýabry bilen 1980-nji ýylyň 6-njy ýanwary aralygynda geçiren duşuşyklarynda 25 ýeňiş gazanyp, 10 duşuşygy deňlikde tamamladylar. Şol möwsümi şowly geçiren «Filadelfiýa Flaýers» topary Stenliniň Kubogynyň finalyna ýetmegi başarýar. Finala barýan ýolda olar «Edmonton Oýlerz» (4:0), «Nýu-Ýork Reýnjers» (4:1) hem-de «Minnesota Nort Starz» (4:1) toparlaryny ýeňlişe sezewar edýärler. Aýgytlaýjy duşuşykda bolsa alty duşuşygyň netijesinde «Nýu-Ýork Aýlenders» toparyndan asgyn gelýär.

Ylýas ORAZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.