TFF-de 2023-nji ýylyň jemi jemlenildi

6 Ýanwar 2024
492

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlenildi. Onuň netijesinde sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine garaldy.

Ses berlişigiň netijesinde «Ahal» toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsümde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew («Arkadag») iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýelemegi başardy. Çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen topar» ugrundaky baýraga «Altyn Asyr» topary mynasyp boldy.