PSŽ-niň 12-nji Super Kubogy

5 Ýanwar 2024
511

Fransiýanyň Super Kubogy duşuşygynda çempion PSŽ bilen Kubogyň eýesi «Tuluza » duşuşdy. Pariždäki «Park de Prens» stadionynda geçirilen oýunda PSŽ 2–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Turuwbaşdan oýnuň jylawyny elinde saklan parižlileriň gollaryny 3-nji minutda Li Kan In hem-de 44-nji minutda Kilian Mbappe geçirdi. Şunlukda, PSŽ topary bassyr 2-nji, umumylykda- da 12-nji gezek Fransiýanyň Super Kubogyny gazanmagy başardy. PSŽ topary 2013-nji ýyldan soň diňe 2021-nji ýylda bu kubogy gazanyp bilmedi. PSŽ ondan öňem 1995-nji we 1998-nji ýyllarda bu kubogy eýeläpdi. Ispaniýaly tälimçi Luiz Enrike PSŽ-däki ilkinji kubogyny asmana göterdi. «Tuluza » topary bolsa 1957- nji ýyldan soň 2-nji gezek Super Kubogy duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.