«Real Madrid» bilen «Žirona» arany açýar

5 Ýanwar 2024
530

Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri «Liwerpul » öz meýdançasynda «Nýukasly » 4–2 hasabynda ýeňdi. Salahyň 1 penaltini dürs urup bilmedik oýnunda müsürli ýyldyz 2 gol geçirip, 1 goluň pasyny berdi. 151–152-nji gollaryny geçiren Salah «Premier Ligada » bir klubuň düzüminde 150-den köp gol salan 5-nji futbolçy boldy. Soňky 5 duşuşykda 3-nji gezek utulan «Arsenal » London derbisinde «Fulhamdan » öňe geçendigine garamazdan 2–1 hasabynda asgyn geldi. «Fulham » topary 9 ýyldan soň «Arsenaly » ilkinji gezek ýeňmegi başardy. «Mançester Ýunaýtediň » myhmançylykda «Nottingam Forestden » 2–1 hasabynda utulan tapgyrynda «Mançester Siti » öz meýdançasynda «Şeffild Ýunaýtedden » Rodri hem-de Alwaresiň gollary esasynda üstün çykdy. «Luton Tawny » 3–2 hasabynda ýeňen «Çelsi » möwsümdäki 8-nji ýeňşini gazandy. Golsuz tamamlanan «West Ham»–«Braýton » duşuşygynda meýdança çykan Jeýms Milner «Premier Ligada » 632-nji duşuşygyny geçirip, 2-nji ýerdäki Raýn Giggs bilen deňleşdi. Şeýle- de, 2002-nji ýyldan bäri «Premier Ligada » çykyş edip gelýän Jeýms Milner bassyr 23 möwsüm Angliýanyň iň uly ligasynda oýnap, bu babatda Giggsiň rekordyny gaýtalady. Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri «Real Madrid » öz meýdançasynda «Malýorkany » kynlyk bilen ýeňdi. Birnäçe pursady elden gideren madridlilere ýeňiş getiren ýeke- täk goly 78-nji minutda Rüdiger geçirdi. «Real Madridiň » söbügini basyp barýan «Žirona » topary hemmäni geň galdyrmagyny dowam edýär. Şu wagta çenli diňe «Real Madridden » utulan «Žirona » çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan ýene bir kluby, «Barselonadan » soň «Atletiko Madridi » hem ýeňlişe sezewar etdi. 7 goluň geçirilen oýnunda «Žirona » 4–3 hasabynda ýeňiş gazandy. «Žironanyň » gollaryny 2-nji minutda Fernandes, 26-njy minutda Swio, 39-njy minutda Blind hem-de 90+1-nji minutda Martin geçirdi. Ýer eýeleriniň her goluna Moratanyň gollary bilen jogap beren «Atletikonyň » ýyldyz hüjümçisiniň het-trigi ýeňşe ýetmedi. Italiýanyň çempionatynda sanawyň lideri «Inter » myhmançylykda «Jenoa » bilen duşuşyp, 1-1 hasabynda deňme- deň oýnady we 2 utuk ýitirdi. Tapgyryň merkezi oýnunda «Ýuwentus » öz meýdançasynda «Romany » Rabionyň 47-nji minutdaky ýeke- täk goly bilen ýeňmegi başardy. «Milan » bolsa «Sassuolony » iň kiçi hasap bilen ýeňip, ýer eýelerine ýeňiş getiren goly Pulişiç öz adyna ýazdyrdy. Çempion «Napoli » bilen «Monzanyň » arasyndaky oýundan gol sesi eşidilmedi. «Torinony » Ranieriniň 83-nji minutdaky goly bilen ýeňen «Fiorentina » 4-nji orna beýgeldi. «Udineze » topary öňdäki orunlara ymtylýan «Bolonýa » toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazanan udinelileriň gollaryny Pereýra, Lukka hem-de Paýero derwezä girizdi. Edil şonuň ýaly, myhmançylykda «Weronany » Çaunanyň ýeke- täk goly bilen ýeňen «Salernitana » hem möwsümdäki 2-nji ýeňşini baýram etdi. Saud Arabystanynyň çempionatynda sanawyň lideri «Al Hilal » myhmançylykda «Al Faýhany » 2–0 hasabynda ýeňip, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirdi. «Al Taawun »–«Al Nassr» duşuşygynda myhmanlar 4–1 hasabynda ýeňiş gazanyp, olaryň soňky goluny Kristiano Ronaldo geçirdi. Ol 2023-nji ýyly hemmeden köp — 54 gol bilen tamamlamagy başardy. Çempionata Aziýa Kubogy sebäpli arakesme berildi.