AFK Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň bijeleri çekildi

5 Ýanwar 2024
548

Malaýziýanyň paýtagty Kuala- Lumpurda AFK Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, Günbatar zolakda Özbegistanyň «Nasaf » topary BAE-niň «Al-Ain» topary bilen bije çekişdi. Iki arap kluby hem bije çekişip, «Al Faýha » bilen Ronaldonyň çykyş edýän «Al Nassr» topary duşuşar. Eýranyň «Sepahan » toparynyň bijesine Saud Arabystanynyň «Al Hilal » topary çykdy. Özbegistanyň «Nawbahor » topary- da Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad » topary bilen çärýek finala çykmak üçin özara güýç synanyşarlar. Gündogar zolakda- da Günorta Koreýanyň «Çeonbuk Hýundai Motors » topary bilen ýurduň başga bir kluby «Phohan Stilers » duşuşar. Başga bir koreý kluby «Ulsan Hýundai » bilenem ýapon kluby «Wentforet Kofu » toparyözara bije çekişdi. Hytaýyň «Şandon Taişan » toparynyň bijesine- de Ýaponiýanyň öňdebaryjy klublaryndan «Kawasaki Frontal » çykdy. Tailandyň «Bangkok Ýunaýted » kluby bilenem ýaponlaryň «Ýokohama F. Marines » topary çärýek final ugrunda 1/8 finalda duşuşarlar. 1/8 finalyň 1-nji duşuşyklary 12–14-nji fewralda, jogap oýunlary- da 19–21-nji fewralda geçiriler. Günbatar zolag y «Nasaf » (Özbegistan) – «Al-Ain» (BAE) «Al Feýha » (Saud Arabystany) – «Al Nassr» (Saud Arabystany) «Sepahan » (Eýran) – «Al Hilal » (Saud Arabystany) «Nawbahor » (Özbegistan) – «Al-Ittihad » (Saud Arabystany) Gündogar zolag y «Çeonbuk Hýundai Motors » (Günorta Koreýa) – «Phohan Stilers » (Günorta Koreýa) «Ulsan Hýundai » (Günorta Koreýa) – «Wentforet Kofu » (Ýaponiýa) «Şandon Taişan » (Hytaý) – «Kawasaki Frontal » (Ýaponiýa) «Bangkok Ýunaýted » (Tailand) – «Ýokohama F. Marines » (Ýaponiýa) AFK Kubogy Toparçalardan soňky tapgyrlary has çylşyrymly bolan AFK Kubogynda- da Awstraliýanyň «Makartur FK» topary bilen Malaýziýanyň «Sabah » toparlary bije çekişdi. Bu duşuşygyň ýeňijisi ASEAN zolagynyň finalynda Awstraliýanyň «Sentral Koast Mariners » ýa-da Kambojanyň «Pnompen Krown» topary bilen duşuşar. 1 oýun esasynda boljak duşuşyklar 13-nji fewralda geçiriler. Ýeňiş gazanan klub bolsa Inter zolagynyň finalynda Hindistanyň «Odişa » kluby bilen güýç synanyşar. «Odişa » ýa-da ASEAN zolagynyň ýeňijisi bolsa Gyrgyz Respublikasynyň wekili «Abdyş- Ata» topary bilen Hytaý Taýpeýiniň «Taiçun Futuro » toparynyň arasyndaky 6-njy hem-de 13-nji martda geçiriljek oýunlarda ýeňiş gazanan klub bilen duşuşar. Günbatar zolakdada «Al-Riffa » (Bahreýn) – «Al-Nahda » (Oman) hem-de «Al Ahed» (Liwan) – «Al-Karabaa » (Yrak) duşuşyklary geçiriler. 12-13- nji hem-de 19-20-nji fewralda geçiriljek ýarym finalda ýeňiş gazanan toparlar Günbatar zolagyň finalynda duşuşar. Günbatar zolagyň çempionyda AFK Kubogy 2024-iň finalynda Inter zolagyň çempiony bilen özara güýç synanyşar. ASEAN zolag y Ýarym final: «Makartur FK» (Awstraliýa) – «Sabah » (Malaýziýa), «Sentral Koast Mariners » (Awstraliýa) – «Pnompen Krown» (Kamboja); final: «Makartur »/«Sabah » – «S. Koast Mariners »/«Pnompen Krown» INTER zolag y Ýarym final: ASEAN zolagynyň çempiony – «Odişa » (Hindistan), «Abdyş- Ata» (Gyrgyz Resp.) – «Taiçun Futuro » (H. Taýpeýi); final ASEAN zolagynyň çempiony/ «Odişa » – «Abdyş- Ata»/«Taiçun Futuro » GÜNBATAR zolag y Ýarym final: «Al-Riffa » (Bahreýn) – «Al-Nahda » (Oman), «Al Ahed» (Liwan) – «Al-Karabaa » (Yrak)