Ugur — dünýä çempionaty

5 Ýanwar 2024
577

Şatlyk Rahmanowyň ady sport janköýerlerine öňden mälim. Çünki ol sportuň pauerlifting görnüşi boýunça birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Ondan daşary hem halkara ýaryşlara gatnaşyp, güneşli Diýarymyza baýrakly dolanyp geldi. Şatlyk 2023-nji ýylyň noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde pauerlifting boýunça geçirilen Aziýa ýaryşynda hem 120 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş edip, Aziýanyň absolýut çempiony boldy we 2 sany altyn medal gazandy. Aziýanyň 22 döwletinden türgenleriň uly toparynyň gatnaşmagynda geçirilen abraýly ýaryşda garşydaşlaryndan üstün çykan türgen, ýaryşyň düzgünine laýyklykda, üç görnüşde, ýagny oturyp-turmak maşky boýunça 280, ýatyp galdyrmak maşky boýunça 200, ýarym boý götermek maşky boýunça hem 280 kilogramy, umumylykda alanyňda, 760 kilogramy göterip, iki sany altyn medala mynasyp boldy.

— Tälimçiniň aýdany her bir türgen üçin kanun. Çünki tälimçi türgeni gowy tanaýar. Onuň haýsy agram derejesinde üstünlik gazanyp biljekdigini duýýar. Ol şonuň esasynda hem ýörite okuw-türgenleşik maksatnamasyny taýýarlaýar. Ahyrky netijede çekilen zähmet, edilen azap ýerine düşüp, yhlasyň myrat tapýar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.